Hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda ýurdumyzda ykdysadyýetiň pudaklaryny ösdürmek boýunça giň gerimli işler bilim özgertmeleri bilen utgaşykly alnyp barylýar. Talyp ýaşlaryň alan nazary bilimlerini tejribe arkaly özleşdirmeklerine, ylym-bilim bilen önümçiligiň arabaglanyşygyny berkitmäge uly ähmiýet berilýär. Ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna, önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy döwletiň we jemgyýetiň ösüşiň täze derejesine çykmagyna itergi berýär.
Ýakynda Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde bilim alýan talyp ýaşlar Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň guramagynda «Rysgally zähmet» hususy kärhanasynda hem-de «Garagum» hojalyk jemgyýetinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdyryldy.
Bu ýokary okuw mekdebinde bilim alýan ýaşlaryň önümçilik kärhanalarynyň işi bilen içgin tanyşdyrylmagy olaryň saýlap alan hünär ýolunda geljekde üstünlikleri gazanmagyna ýardam eder. Talyp ýaşlar «Rysgally zähmet» hususy kärhanasynyň döwrebap önümçilik toplumynda ýerli çig mallardan ýokary hilli aýna çüýşeleriniň öndürilişi bilen tanyşdyryldy. «Garagum» hojalyk jemgyýetiniň önümçilik toplumynda bolsa örtükler, halatlar, ýörite lybaslar ýaly lukmançylyk ulgamynda peýdalanylýan önümleriň öndürilişi bilen tanyşdyryldy. Işewürler hem-de kärhananyň hünärmenleri geljekki telekeçilere hem-de tehnologlara önümçilik kärhanasynda işleri talabalaýyk ýola goýmagyň, bazaryň isleglerini öwrenmegiň, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmegiň aýratynlyklary barada gürrüň berdiler.
Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň berýän goldawynyň netijesinde ýurdumyzda kiçi we orta telekçilik yzygiderli ösýär. Kiçi we orta işewürliginiň halkara bazarynda eýeleýän ornunyň berkemegine goşandynyň ýokarlanmagy üçin döredilýär şert-mümkinçilikleri üçin hususyýetçileriň hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir. Ýurdumyzyň hususy ulgamyny ösdürmek ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw edýäris.
TSTP