Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

ŞANLY ÝYLY DABARALANDYRAN BÄSLEŞIK

Berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny hem-de 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny has-da dabaralandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynda hem çäreler toplumyna giň gerim berildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde yglan edilen «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly maglumat tehnologiýalar şeýle-de azyk howpsuzlygy ugurlary  boýunça startap bäsleşiginiň jemleri jemlendi.

Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, oňa hödürlenen işleriň aýratynlyklary seljerilip, onuň ýeňijileri yglan edildi we olar Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde geçirilen dabarada Hormat hatlary, sowgatlar bilen sylaglanyldy.

Mahlasy, ýokary guramaçylykly we örän işjeň ýagdaýda geçen bu bäsleşik berkarar Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň, şeýle-de Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň özboluşly ruhubelentligi bagyş etdi.

TSTP