Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

TÜRKMEN BITARAPLYGY BU GÜN DÜNÝÄNIŇ ÜNS MERKEZINDE

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda geçirildi. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Türkmen Bitaraplygy bu gün dünýäniň üns merkezinde» atly dabaraly maslahat geçirildi.

Dabarada guralan çykyşlarda Garaşsyz Watanymyzyň BMG tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk derejesiniň ähmiýeti, halkara derejesindäki abraýy, hormatly Prezidentimiziň dünýäde parahatçylygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagynyň bähbidine öňe sürýän başlangyçlary dogrusynda täsirli gürrüň edildi.

Dabaraly maslahatyň dowamynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen Milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň talyplarynyň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdymlary oňa gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady. 

Çykyş edenler halkymyzyň we dünýä jemgyýetçiliginiň parahat ýaşaýşy üçin beýik işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini beýan etdiler.

TSTP