Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

Kämil kanun-jemgyýetimiziň mizemez binýady

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti 2021-nji ýylyň 6-njy maýynda “Kämil kanun-jemgyýetimiziň mizemez binýady” atly maslahaty geçirildi. 

        Maslahatda  “Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ynanyş­ma­gyň Wa­ta­ny” ýylynda, döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmek örän möhüm wezipe bolup durýandygy nygtaldy. Döwletimiziň hukuk ulgamy döwrüň we ähli ugurlar boýunça dowam edýän işjeň ösüşiň talabyna laýyk getirilýär, kämilleşdirilýär, şonuň ýaly-da, milli kanunçylygymyz halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalarydyr ýörelgeleri bilen utgaşdyrylýar diýip bellenildi. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz
tagallalary bilen durmuşa geçirilýän il-ýurt bähbitli beýik işleriň
kanunçylyk binýadynyň berkidilmegi, asuda hem abadan ösüşiň üpjün edilmeginiň baş şertidigi aýdyldylar. 

    Maslahatda ýaşaýyş üçin ähli şertleri we mümkinçilikleri döredip berýän, watanymyzyň ýagty geljegi üçin döwrebap, ösen hukuk namalarynyň işlenip düzülmegini amala aşyrýan, jemgyýetimiziň ösen intellektual derejesini kemala getirmekde uly işleri alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw etdiler.

TSTP