Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabat şäherindäki «Derýaçylyk» orta hünär okuw mekdebinde talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda «Bitarap Türkmenistan – döwletleriň ylalaşdyryjy merkezi» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

       Geçirilen maslahat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda dünýä nusgalyk işleriň durmuşa geçirilýändigi, Döwletimiziň dünýä ýüzünde ylalaşdyryjy merkez hökmünde dünýä döwletleriniň arasynda uly abraýdan peýdalanýandygy, şeýle-de asudalygyň we parahatçylygyň höküm sürýändigi, abadan durmuşda ýaşaýan halkymyzyň, mähriban ýaşlaryň parahat durmuşda ýaşaýandygy we zähmet çekýändigi barada buýsançly gürrüňler edildi.

       Şeýle-de maslahatyň dowamynda şeýle eşretli durmuşy bize peşgeş eden Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.

TSTP