Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

BITARAPLYK - ABADANÇYLYGYŇ ÝOLY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda «Bitaraplyk-abadançylygyň ýoly»  atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy hormatly Prezidentimiziň Baştutanlygynda parahatçylyk we döredijilik ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz Türkmenistanymyzyň taryhynda şanly senedir. Bu ugurda görülýän taýýarlyk işleri hem ýokary depgine eýe. Baýramçylygy ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet topary bilen geçiren hojalyk iş maslahatynda hem Milli Liderimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen hemişelik Bitaraplyk derejesi üç gezek ykrar edilen ýurdumyzyň ähli düzümlerinde şanly senäniň mynasyp geçirilmelidigini, meýilleşdirilen ähli çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini aýratyn bellemegi-de munuň aýdyň güwäsidir.

Milletler Birleşiginiň giň goldawyna eýe bolan oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan ählumumy abadançylygyň, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar. Birleşen Milletler Guramasynyň we beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde öňe sürülýän netijeli başlangyçlar, şol sanda 2025-nji ýylyň  «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi munuň şeýlediginiň aýdyň güwäsidir. 

Türkmen Bitaraplygynyň ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli we umumadamzat ähmiýetli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP