Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI: TUTUMLY IŞLER ROWAÇLYKLARA BESLENÝÄR

    Ýakynda...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY – HALK BÄHBIDINE GÖNÜKDIRILEN BEÝIK IŞLER

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDAR PREZIDENTIMIZIŇ MILLI DEMOKRATIÝASY

    Arkadag...

  • WATANYMYZYŇ ROWAÇLYGYNY, HALKYMYZYŇ ABADANÇYLYGYNY NAZARLAÝAN TUTUMLAR

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇ MÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Şu gün...

“Sagdyn nesil-kuwwatly Watan”

      2021-nji ýylyň 19-njy maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara jaýynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramagynda, TSTB-niň Balkan welaýat bölümi, TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşi we Saglygy goraýyş müdirligi hem-de Balkan welaýat Polisiýa Müdirligi bilen bilelikde Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça amala aşyrylmaly çäreleriň 2017-2021-nji ýyllar üçin Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksady bilen hem-de Bütindünýä temmäkä garşy göreşmek güni mynasybetli “Sagdyn nesil-kuwwatly Watan” atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşykda sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan berkarar döwletimizde ynsan saglygyny goramak, sagdyn jemgyýeti kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Hormatly Prezidentimiziň häzirki zaman dünýäsiniň howplaryna, şol sanda neşekeşlige, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna, temmäkiniň ulanylmagyna garşy alyp barýan giň möçberli tutumly işleri, bu möhüm ugurdaky taýsyz tagallalary Türkmenistanyň halkara abraýynyň yzygiderli ýokarlanmagyna ýardam edýär. Elbetde, munuň üçin bolsa, ilkinji nobatda, halkymyzy zyýanly endiklerden, neşe serişdelerinden gorap saklamak meselesi esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Sanlyja ýyllaryň dowamynda neşeleriň sarp edilmegine, ýaýradylmagyna we bikanun dolanşygyna garşy barlyşyksyz alnyp barylýan çäreleriň netijesinde neşekeşligiň köküne palta urlup, düýp-teýkary bilen ýok edilmegi dogrusynda we adam bedenine salýan zyýany barada maslahata gatnaşyjylara giňişleýin gürrüňler berildi.

    Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP