Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

BITARAPLYK WE ÝURDUMYZYŇ BITARAPLYK SYÝASATY

      Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda, Türkmenabat şäherindäki «Ene mähri» merkezinde saglyk ulgamynyň işgärleriniň gatnaşmaklarynda «Bitaraplyk we ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi. 

     Geçirilen maslahat duşuşygynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen halkymyzyň asuda parahat durmuşda ýaşaýandygy we döwletimizde dünýä nusgalyk parahatçylygyň höküm sürýändigi şeýle-de ýurdumyzda öňe sürülýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meseleleri, ýetip gelýän şanly Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy barada buýsançly gürrüňler edildi.     

      Duşuşygyň ahyrynda eşretli durmuşy bize peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP