Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK – BELENT YNSANPERWERLIK

Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, «Aşgabat» teleýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Hormatly Prezidentimiziň daşary syýasaty: parahatçylyk söýüjilik – belent ynsanperwerlik» atly brifing duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasaty barada giňişleýin söhbet etdiler.

Täsirli geçen duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşanlar Türkmenistan döwletimizi beýik geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna sagbolsunlaryny beýan etdiler.

TSTP