Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

Ýürek mähri siňen sungat

    2021-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň edara jaýynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň guramagynda milli mirasymyzy aýap saklamakda hem-de iňňän inçe çeper el işini ýaş nesillere geçirmekde nusgalyk işlerini bitirýän Ogulabat ejäniň ýürek mähri siňen ajaýyp el işleriniň we beýik sungaty barada zenanlaryň arasynda “Ýürek mähri siňen sungat” atly maslahat duşuşygy geçirildi.

    Duşuşykda Hormatly Prezidentimiziň öz käbesine bolan nusgalyk söýgi-sarpasy her bir adam üçin görelde mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň mähriban käbesi Ogulabat ejäniň zehininden kemal tapan el işleriniň, ýagny gyzyl kürtesiniň hem-de gülli jorap işleriniň milli müzeýe sowgat berilişi barada giňişleýin gürrüňler edildi. „Türkmenistan—parahatçylyk we ynanyşmagyň Watany“ ýylynda her bir günümiz täze rowaçlyklara, üstünliklere beslenýär. Goý, eziz Diýarymyzy bedew batly, okgunly, depginli ösüşlere besleýän, ýurdumyzy ösdürmeklige ählitaraplaýyn giň ýollar açan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler!

TSTP