Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

GURLUŞYK WE SENAGAT TOPLUMYNYŇ BATLY GADAMLARY

Şu gün Gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň güni mynasybetli «Arkadagşäherenergo» önümçilik birleşiginiň mejlisler jaýynda Arkadag şäher häkimligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Arkadag şäheriniň komitetiniň hem-de jemgyýetçilik guramalaryň bilelikde gurnamagynda aýdym-sazly baýramçylyk çäresi geçirildi.

Ýurdumyzyň beýleki pudaklary bilen bir hatarda gurluşyk we senagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň esasy ugurlarynyň biri bolup, toplumyň işgärleri ýurdumyzda gazanylýan üstünliklere öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Şoňa görä-de, her ýylyň 3-nji noýabrynda Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärleriniň gününiň bellenilmegi ýurdumyzyň gurluşyk, energetika, jemagat hojalygy we senagat pudaklaryny ösdürmekde, ylmy-tehniki innowasiýalaryň gazananlaryna esaslanyp, öndürilýän önümleriň we edilýän hyzmatlaryň möçberini artdyrmakda, täze belentliklere ýetirmekde hem-de toplumyň işgärleriniň halal we tutanýerli zähmetini dabaralandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. 

Baýramçylyk çärede çykyş edenler baýramçylyk bilen gutlap döredilen mümkinçiliklerinden peýdalanyp öz başarnyklaryny açyp görkezmek üçin döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny aýdylar. Baýramçylyk mynasybetli zähmetde tapawutlananlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

TSTP