Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

HÄZIRKI ZAMAN JEMGYÝETINDE TELEKEÇI ZENANLARYŇ ORNY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda Şabat etrabynyň Gaýrat geňeşliginiň oba medeniýet öýünde «Häzirki zaman jemgyýetinde telekeçi zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda ähli ugurlar bilen bir hatarda telekeçiligi ösdürmäge, dünýä ülňülerine laýyk gelýän önümleri öndürmäge, telekeçiligiň dürli ugurlary bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler döredilýär.

Maslahatda çykyş edenler telekeçiligi, hususyýetçiligi, şol sanda  hususy önümçiligi goldamak maksady bilen amala aşyrylýan çäreleriň ýurdumyzyň ykdysady durmuşynda wajyp orny eýeleýändigi, häzirki wagtda bazar ykdysadyýetine geçilýän şertlerde onuň döwlete dahylsyz bölegini ösdürmäge aýratyn üns berilýändigi barada buýsanç bilen belläp geçdiler.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler telekeçilik ulgamynda alnyp barylýan işlere giň mümkinçilik döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler.

TSTP