Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Parahatçylyk we durnuklylyk — bitaraplygyň baş ýörelgesi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Ýer ýüzünde parahatçylygy pugtalandyrmak, dünýä ýurtlary bilen ähli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitmek ugrundaky tutumlar ýurdumyzyň abraýyny ýylba-ýyldan belende göterýär. Diýarymyzda we daşary döwletlerde geçirilýän halkara çärelerde hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän teklipleri, parasatly başlangyçlary halkara bileleşigiň uly goldawyna eýe bolýar hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryna giň ýol açýar. Ýaňy-ýakynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji ýubileý sessiýasynyň plenar mejlisi hem munuň aýdyň subutnamasy boldy.
Taryhy mejlisde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň birnäçe meseleler bilen birlikde, medeniýetleriň arasynda dialogy ösdürmek we Baş Assambleýanyň halkara gatnaşyklarda köpdilliligi goldamak boýunça Kararnamalaryny iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek baradaky teklibi dünýä jemgyýetçiligine hödürlemegi Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, giň halkara hyzmatdaşlygy yzygiderli dowam etdirýändigini aýdyň görkezdi. Bu başlangyç köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge, medeniýetara dialogy ösdürmäge hem-de özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýörelgeleriň özboluşly dowamydyr.
Täze taryhy eýýamda tutumly işleri bilen ata Watanymyzyň abraýyna abraý goşýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolup, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe üstünliklere beslenmegini arzuw edýäris.
TSTP