Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BITARAPLYK BAKY BAGTYMYZ

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrap tikin fabriginiň mejlisler jaýynda Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli «Bitaraplyk baky bagtymyz»  atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýunyň bellenip geçilmegi aýratyn many-mazmuna eýedir. Çünki ata-babalarymyzyň asylly ýörelgelerinden, däp-dessurlaryndan ugur alýan ýurdumyzyň Bitaraplygy beýik gymmatlykdyr hem taglymatdyr. Onda parahatçylyk, asudalyk, ynanyşmak, hyzmatdaşlyk, raýdaşlyk ýaly ençeme ynsanperwer düşünjeler jemlenendir. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisinde «Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslary hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi hem şu hakykatdan ugur alýar. Konstitusion kanun hemişelik Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk we ynanyşmak syýasatynyň hukuk esaslaryny hem-de onuň halkara gatnaşyklarda durmuşa geçirilmeginiň ýörelgelerini we maksatlaryny kesgitleýär.

Häzirki wagtda beýleki halklar bilen bilelikde ata Watanymyzyň abraý-mertebesini täze belentliklere göteren Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýarys. Munuň özi dünýä halklarynyň arasyndaky dostlugyň, parahatçylygyň, ynanyşmagyň, asudalygyň toýy bolup, kalbymyzy belent buýsanja besleýär.

Goý, ajaýyp döwrümizde eziz Diýarymyzy ösdürmek, halkymyzy bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşatmak ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

TSTP