Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BITARAPLYK - BAKY BERKARARLYGYŇ BINÝADY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda birleşmäniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda  «Bitaraplyk-baky berkararlygyň binýady» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda özygtyýarly Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň berkidilen gününiň 30 ýyllygyny baýram edýär Türkmen döwletiniň ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylan bu şöhratly sene mälim boluşy ýaly öz gözbaşyny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndan alyp gaýdýar. Şol gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şanly 50-nji mejlisinde BMG-niň şol wagt düzümine giren 185 agza döwletleriniň biragyzdan ses bermeginde «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen ýurdumyz dünýä tejribesinde ilkinji gezek bitarap döwlet diýlip yglan edildi.

Hemişelik Bitaraplygymyz munuň özi jemgyýetde durnuklylygy hem-de ylalaşygy pugtalandyrmaga, sebitiň, şol sanda dünýäniň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen ynsanperwer döwlet syýasatymyzda esasy ýol görkeziji bolup durýandygyny aýdyň görkezýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk syýasatyna eýerip, ösüş ýoly bilen öňe barýandygy, bu ýoluň parahatçylyga, dostluga, birek-birege hormat goýmagyň hem-de özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýörelgelerini berjaý etmäge esaslandyrýandygyny buýsançly nygtamagy bolsa - munuň aýdyň kepilidir. 

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzyň halkara abraýyny has pugtalandyrýan we ony ýokary derejelere çykarýan Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri hemişe rowaç bolsun.

TSTP