Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda etrabyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Türkmenistan-Birleşen Milletler Guramasy: birleşen tagallalar, aýdyň maksatlar» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygyna gabat gelýän ýubileý sessiýa «Bilelikde işlemek: parahatçylygyň, ösüşiň, adam hukuklarynyň we öňe barýan ýoluň bähbidine bilelikdäki işiň 80 ýyllygy» mowzugynda geçýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden çykyş edip, sebit we ählumumy derejedäki wajyp meseleler boýunça ýurdumyzyň ileri tutulýan garaýyşlaryny, şeýle hem ählumumy abadançylygyň, ösüşiň bähbitlerine laýyk gelýän netijeli halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gönükdirilen täze, döredijilikli başlangyçlaryny beýan etmegi ýokary ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň Köpdilli diplomatiýanyň halkara gününi yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etmek baradaky teklibi hem örän ähmiýetlidir. Bu ugur köptaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygy berkitmäge, medeniýetara dialogy ösdürmäge hem-de özara ynanyşmagy pugtalandyrmaga gönükdirilen ýörelgeleriň özboluşly dowamydyr.
Hormatly Prezidentimiz halkara hukuk ugrundaky hyzmatdaşlyk barada hem bellemek bilen, döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary düzgünleşdirýän halkara kadalaryň, şol sanda BMG-niň Tertipnamasynyň ähmiýetine ünsi çekmek bilen, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmegi teklip edýändigini beýan etdi. Goý, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly içeri we parahatçylyk söýüjilikli, ynsanperwer daşary syýasaty rowaçlyklara beslensin!
TSTP