Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASYNYŇ WE DÖWLET BAÝDAGY – GARAŞSYZLYGYŇ MUKADDES NYŞANLARY

    Türkmenistanyň...

  • ŞANLY SENÄ BAGYŞLANDY

    Türkmenistanyň...

  • TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET BAÝDAGY WE ESASY KANUNY – BAGTYÝAR HALKYMYZYŇ BUÝSANJYDYR

    Şu gün...

  • HÜNÄR - YNSANYŇ BEZEGI

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSIÝASY WE DÖWLET BAÝDAGY – TÄZE EÝÝAMYŇ BELENT MAKSATLARYNY DURMUŞA GEÇIRMEGIŇ MIZEMEZ ESASLARY

    Türkmenistanyň...

BITARAP DÖWLETIMIZIŇ DURNUKLY ÖSÜŞINIŇ BINÝADY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda birleşmäniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak - Bitarap döwletimiziň durnukly ösüşiniň binýady»  atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

          Biziň ýurdumyz    Birleşen   milletler  guramasy   tarapyndan ykrar  edilen ilkinji  Bitarap  döwletdir. Häzirki  zaman dünýäsiniň  ykrar edilen  bu mizemez  hakykaty bizi hemişelik Bitaraplygymyza buýsanmaga doly  hakly  edýär  we  şol  bir wagtyň  özünde-de   ony  has   ösdürmäge , söýgümiz ,  zähmetimiz bilen  berkitmäge  borçly edýär.  Bitaraplyk  biziň abadançylykda, agzybirlikde  erkana ýaşamagymyzyň, mukaddes Garaşsyzlygymyzy     pugtalandyrmagymyzyň    esasy  şertleriniň   biridir. Bu  gün  dünýä   döwletleriniň   arasynda  uly  abraýdan  peýdalanýan  ata Watanymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly goşgusynda beýan edilişi ýaly, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan bütin adamzat üçin halkara parahatçylyk we ynanyşmagyň mekanydyr! 

         Ýurdumyzyň abadançylyga beslenmegi, ykdysadyýetiniň ösmegi ugrunda taýsyz tagallalary durmuşa geçirýän, halkymyzyň hal-ýagdaýyny barha gowulandyrmakda uly işleri bitirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli alyp barýan beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

TSTP