Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

DÖWLETIMIZIŇ DEMOKRATIK ÖSÜŞI

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Balkan welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty-döwletimiziň demokratik ösüşi» atly maslahaty geçirildi.

         Halk Maslahaty şu ýylyň 19-njy sentýabrynda  geçirilen mejlisinde ýurdumyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilen işlere seljerildi, ähli ugurlarda gazanylan üstünliklerdir ýetilen sepgitleriň jemi jemlendi, şeýle hem öňde durýan täze wezipeler kesgitlenip, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli çözgütler kabul edildi.        Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkara-parahatçylyk we ynanyşmak» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda kanunlar döwrüň talabyna laýyklykda kämilleşdirilip, halk bähbitli, döwlet ähmiýetli çözgütlere aýratyn üns berilýär.

        Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly pentleri öwüt-ündewleri, milli ýörelgeleri ähli ynsanlar üçin durmuş mekdebidir. Halkymyzyň bähbitlerini ähli zatlardan ileri tutýan Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun döwletli tutumlary nazarlaýan beýik maksatnamalary has-da rowaçlansyn.

TSTP