Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Bütündünýä Saglyk güni mynasybetli maslahat geçirildi

2021-nji ýylyň 6-njy aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň gurnamagynda Bütündünýä Saglyk güni mynasybetli maslahat geçirildi.

Maslahatda Türkmenistanyň milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerendigi we ösendigi hem-de oňa ilatyň durmuş taýdan goraglylygy boýunça köp maksatly ulgam derejesini berilendigini bellediler. Türkmenistan döwletimizde halkymyzyň saglygyny goramakda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Dünýä ülňülerine laýyk gelýän ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy okgunly ösýär.

Şäher we oba saglyk öýlerinde maşgala lukmançylygy ýörelgesi boýunça edilýän saglygy goraýyş hyzmatlary kämilleşdirildi. “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ähli ýaşdaky raýatlaryň keselçilik görkezijisi peseldi.

Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň okgunly ösýän saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygy, ýokary derejeli lukmançylyk işgärlerini taýýarlamak, bularyň ählisi öz eziz halkynyň abadançylygyny baş maksat hökmünde öňde goýýan, «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen şygary öňe sürýän hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary we içeri syýasatynda möhüm orun eýeleýän köptaraply işleridigini belläp, onuň  alyp barýan işleriniň mundan hem beýläk rowaç almagyny arzuw etdiler.

TSTP