Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA – ÖSÜŞIŇ TÄZE TAPGYRYNDA TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY

Şu gün Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Garaşsyzlyk ýyllarynda – ösüşiň täze tapgyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty» atly maslahat geçirildi.

Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlar ýakynda geçen Halk Maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň eden çykyşlaryny we çykaran çözgütleri wagyz etdiler. Häzirki döwürde islendik ýurtda sazlaşykly ösüşiň gazanylmagy durnuklylyk,parahatçylyk we agzybirlik ýaly şertler bilen berk baglanyşyklydyr. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan işlenilip taýýarlanylan we Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän ýurdumyzy ösdürmegiň maksatnamalarynda hem häzirki zaman şertlerinde wajyp bolan şeýle ýörelgeler öz beýanyny tapýar. 

Maslahata gatnaşyjylar bizi şeýle eşretli durmuşda ýaşatýan Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza alkyş sözlerini aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP