Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

ASYLLY ÝÖRELGE WE NUSGALYK TAGLYMAT

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda Halkara Senagatçylar we telekeçiler uniwersitetinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak  ýylynyň 19-njy sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen «Halk maslahaty: asylly ýörelge we nusgalyk taglymat» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türk­me­nis­ta­nyň  Halk  Mas­la­ha­ty­nyň   no­bat­da­ky mej­li­si, sö­züň doly ma­ny­syn­da,döw­let­li­li­giň ge­ňe­şi­ne öw­rül­di. Mas­la­ha­tyň Türk­me­nis­ta­nyň   Ga­raş­syz­ly­gy­nyň 34 ýyl­lyk şan­ly to­ýu­nyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­me­gi bol­sa  pe­der­le­ri­miz­den gel­ýän asyl­ly dä­biň – to­ýa uly bir ge­ňeş bi­len baş­la­mak dä­bi­niň my­na­syp do­wa­ma­ty­na öw­rül­di. Ada­my go­ra­mak, gol­da­mak we oňa hyz­mat et­mek döw­let hä­ki­mi­ýet edarala­ry­nyň baş we­zi­pe­le­ri­dir. Mil­li Li­de­ri­mi­ziň bel­läp ge­çi­şi ýa­ly, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti bar­ha kuw­wat­lan­ýar. Hal­ky­my­zyň aba­dan we bag­ty­ýar dur­mu­şy ba­ra­da­ky ala­da bi­ziň döw­let sy­ýa­sa­ty­my­zyň baş mak­sa­dy bo­lup dur­ýar.

Çykyşlar ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de Halk Maslahatyna taýýarlyk işleriniň güýçli depginde alynyp barylýandygyny belläp geçdiler.

Maslahata gatnaşanlar Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegi, berkarar türkmen döwletiniň dünýädäki at-abraýynyň barha belende galmagy, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy ugrunda nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP