Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

MUKADDES GARAŞSYZLYK BIZIŇ ÄHLI ÖSÜŞLERIMIZIŇ, ŞÖHRATLY ÜSTÜNLIKLERIMIZIŇ BINÝADYDYR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetniň gurnamagynda telekeçiler birleşmesiniň welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda «Mukaddes Garaşsyzlyk biziň ähli ösüşlerimiziň, şöhratly üstünliklerimiziň binýadydyr» atly maslahaty geçirildi.

Garaşsyzlyk-biziň iň gymmatly baýlygymyz bolup 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumyadamzat bähbitli başlangyçlar Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli öňe sürýän döwletdir.

Garaşsyz  Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek,  bagtyýar  durmuşymyz hem-de beýik gelejegimiz üçin gijesini gündiz edip işleýän türkmen halkynyň Milli  Lideriniň hem-de Arkadagly Gahryman Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin!

TSTP