Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

DÖWLETLI TUTUMLARA BADALGA

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýetine «Halk Maslahaty: döwletli tutumlara badalga» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şu günler ýurtda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň we döwletiniň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine işjeň taýýarlyk görülýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň hünärmenleri çykyşlarynda ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de Halk maslahatyna taýýarlyk işleriniň güýçli depginde alynyp barylýandygyny belläp geçdiler.

Duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarmyza sagbolsunlaryny aýtdylar.

TSTP