Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Ýaşlary ylyma we telekeçilik işlerine çekmek barada maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan “Ösüşe ak ýol” ady bilen maýa goýum taslamalarynyň nobatdaky maslahaty geçirildi. Maslahatda ýurdumyzyň ýokary okuw jaýlarynyň talyp ýaşlary, mugallymlar has takygy Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýa institutynyň, Türkmenistanyň Telekommunikasiýa we informatika institutynyň, Türkmenistanyň Daşary Işleri ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Ýaş Alymlar Geňeşleriniň wekilleri startup üçin taslama-teklipleri bilen çykyş etdiler. Oba-hojalyk, ekologiýa, maliýe ulgamy, halkara söwda we IT tehnologiýalary ugurlary boýunça ýurdumyzyň ykdysady görkezijilerini köpugurly ösdürmek boýunça innowasion teklipler bu maslahadyň gün tertibinde orun aldy. Ýaşlaryň taslama tanyşdyrylyşyna telekeçiler gowy baha bermek bilen hödürlenen taslamalary kämilleşdirmek boýunça degişli maslahatlaryny berdiler. Şu ýylyň başynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasy” tassyklanyldy, şol meýilnamanyň çäklerinde ýaşlary telekeçilige çekmek barada degişli işleriň alnyp barylýandygy we bu işiň giň gerim bilen dowam etdiriljegi barada maslahadyň barşynda partiýanyň işjeň agzalary çykyş etdiler.

TSTP