Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

Gujurly – gaýratly ýaşlar

2021-nji ýylyň 5nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň gurnamagynda ,,Gujurly – gaýratly ýaşlar” atly metbugat brifingi geçirildi. Bu maslahat 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde degişli işleriň alnyp barmalydygy barada beren tabşyryklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirildi.

Metbugat brifinginiň dowamynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň wekili, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň işgärleri ýaşlara telekeçilik işiniň esaslary barada birnäçe höweslendiriji maslahatlary berdiler.

Şeýle hem, metbugat brifingine ,,Ýigit” hojalyk jemgyýetiniň direktory Çaryýew Agamyrat gatnaşdy. Ol ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmek babatynda döwlet syýasaty dogrusynda hem-de öz kärhansynyň alyp barýan işleri barada giňişleýin maglumat berdi.

TSTP