Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

Ýaşlary telekeçilige çekmek

2021-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň Halkara Gatnaşyklary insitutynda brifing görnüşli duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy temasy Türkmenistanda ýaşlary telekeçilige çekmek baradaky alnyp barylýan döwlet syýasaty barada boldy.

Duşuşykda institutyň Halkara ykdysadyýet kafedrasynyň uly mugallymy Bazar Mesow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew we “Täç hil” hususy kärhanasynyň esaslandyryjysy Täçmyrat Gurdow çykyş etdi.

Brifingde Türkmenistanda telekeçiler üçin döredilýän mümkinçilikler, hususy telekeçileriň ýurduň ykdysadyýetiniň ösüşine goşýan mynasyp goşantlary bilen bir hatarda telekeçiniň jemgyýetdäki orny barada aýdylyp geçildi.

TSTP-nyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygy Dädebaý Nazkulyýew telekeçilikde bilimiň we tejribäniň uly orny bardygyny, malyýe sowatlygynyň zerurdygyny, ediljek işleriň hökmany ýagdaýda meýilnama bilen ýerine ýetirmelidigini nygtady. Ýaşlary telekeçilige çekmek barada partiýanyň alyp barýan işleri barada gürrüň berdi. Bularyň arasynda ýylyň dowamynda birnäçe gezek geçirilýän maýa goýum meýilnamalarynyň maslahatlaryny belläp bolar. Bu duşuşyklarda ýaşlar öz taýýarlan “biznes planlary” bilermenleriň we telekeçilerň öňünde çykyş edýärler, taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi üçin maýa goýum barada maslahat alýarlar.

TSTP