Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

DÖWLETLI MASLAHATA BARÝARYS

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komiteti tarapyndan «Baş Taglym Türkmen» hojalyk jemgyýetinde şu ýylyň 19-njy sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýeti barada düşündiriş işlerini geçirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Türkmenistanyň Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hereket edýän halk häkimiýetiniň iň ýokary wekilçilikli edarasydyr. Şu günler ýurtda döwürleriň üznüksiz arabaglanyşygyny, nesilleriň dowamatlylygyny, türkmen halkynyň we döwletiniň öňden gelýän demokratik ýörelgelere ygrarlydygyny alamatlandyrýan umumymilli foruma Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine işjeň taýýarlyk görülýär.

Çykyşlar ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllygy hem-de Halk maslahatyna taýýarlyk işleriniň güýçli depginde alynyp barylýandygyny belläp geçdiler.

Çärä gatnaşyjylar türk­men te­le­ke­çi­le­ri­ne giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýän, ýurdumy­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň gül­läp ös­me­gi, hal­ky­my­zyň eş­ret­li dur­muş­da ýa­şa­ma­gy, eziz Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­nyň bar­ha art­ma­gy ug­run­da taý­syz ta­gal­la­la­ry ed­ýän Gahry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň jan­la­rynyň sag, ömür­le­riniň uzak bolmagyny, il-ýurt bäh­bit­li, umu­ma­dam­zat äh­mi­ýet­li be­ýik işleriniň mun­dan beý­läk hem ro­waç­lyk­la­ra bes­len­megini arzuw etdiler.

TSTP