Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY-HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER

Golaýda şanly Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk maslahatyna görülýän taýýarlyk hem-de Halk maslahatynyň syýasy we jemgyýetçilik ähmiýetini giň halk köpçüligine wagyz etmek boýunça Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabyndaky 55-nji orta mekdebi tarapyndan düşündiriş-wagyz çäresi geçirdi.  

Il-günüň, ata Watanyň ykbalyna, döwletiň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna dahylly wajyp meseleleri, ýerine ýetirilmegi möhüm wezipeleri halk bilen maslahatlaşmak, olar barada halka sala salmak ýaly asylly dessur merdana pederlerimiziň asyrlaryň dowamynda kemala getiren döwletlilik ýörelgelerinden gözbaş alýar. Täze taryhy döwürde bu asylly däbiň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň jemgyýetçilik-syýasy gurluşynyň esasy ýörelgeleriniň birine öwrülmegi halk demokratiýasynyň milli kökleriniň döwrebap görnüşde kämilleşdirilýändigini alamatlandyrýar diýip giňişleýin belläp geçdiler. 

Çäräniň dowamynda ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

TSTP