Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ HEM-DE ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ESERLERI-ÝAŞLARA ÝOL –ÝÖRELGE

    Şu gün...

  • DÖWLET WE JEMGYÝET: DÖREDIJILIGIŇ HEM-DE ÖSÜŞIŇ MAKSATLARYNYŇ BITEWÜLIGI

       ...

  • OKGUNLY HEREKET WE HALAL ZÄHMET ABADANÇYLYK ÝOLY

     ...

  • GARAŞSYZLYK BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK HALKYMYZYŇ AK BAGTY – BAKY PARAHATÇYLYGYŇ MIZEMEZ TAGTY

    Şu gün Saýat...

HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ YKDYSADY SYÝASATYNYŇ NETIJESINDE – HUSUSY ULGAM GOLDAW TAPÝAR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda TSTP-niň, TSTB-niň bilelikde gurnamagynda «Hormatly Prezidentimiziň ykdysady syýasatynyň netijesinde – hususy ulgam goldaw tapýar» atly maslahat geçirildi. Maslahata ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we birleşmäniň işgärleri, işjeň agzalary gatnaşdylar.

Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen binýady berkden tutulan milli ykdysadyýetimiziň her bir pudagy Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryna hem-de öňdebaryjy dünýä tejribelerine esaslanyp, işjeň ösdürilýär.  Şan­ly wa­ka­la­ra bes­len­ýän ýylymyzda hu­su­sy pu­da­gyň we­kil­le­ri tarapyn­dan gur­lan des­ga­la­ryň ýe­ne bir­nä­çe­si­niň açy­lyp ulanma­ga berilme­gi Wa­ta­ny­my­zyň ok­gun­ly ösüş­le­ri­ne tä­ze­çil iter­gi be­rer. Mil­li ösüş mak­sat­na­ma­la­ry­ny dur­mu­şa ge­çir­mä­ge iş­jeň gat­naş­ýan Türkmenista­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler par­ti­ýa­sy­nyň ag­za­la­ry Garaş­syz döw­le­ti­mi­ziň ama­la aşyr­ýan içe­ri we da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny, ýurdu­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan öz­gert­me­le­ri, ga­za­nyl­ýan üs­tün­lik­le­ri wagyz et­mek bo­ýun­ça giň ge­rim­li iş­le­ri alyp bar­ýar. Ösüş-öz­ge­riş­le­riň röw­şen şug­la­sy il­deş­le­ri­mi­ziň kal­by­na bag­ty­ýar­lyk paý­la­ýar. 

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň «Döw­let adam üçindir!», Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Wa­tan di­ňe hal­ky bi­len Wa­tan­dyr! Döw­let diňe hal­ky bi­len döw­let­dir!» di­ýen be­lent şy­gar­la­ryn­dan ruh­lan­ýan halky­my­zyň yh­las­ly zäh­me­ti, röw­şen gel­je­ge sarsmaz yna­my, gazanylýan ösüş­ler, ýe­til­ýän sep­git­ler eziz Di­ýa­ry­my­zyň dün­ýä­dä­ki abraý-mer­te­be­si­niň has-da be­len­de gal­ma­gy­ny şert­len­dir­ýär. Il-ulsumyzyň asu­da, aba­dan dur­mu­şy ug­run­da ýa­daw­syz ala­da­la­ry edip,Wa­ta­ny­my­zy ösüş­le­riň röw­şen ýo­ly bi­len ynam­ly öňe alyp bar­ýan Mil­li Li­de­ri­miziň hem-de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň jan­la­ry sag, ömür­le­ri uzak bol­sun! 

TSTP