Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - HALKYŇ JEBISLIGINIŇ NUSGASY

Golaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, etrap halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly nesliň wekilleri, ýokarda ady agzalan syýasy partiýanyň we birleşmäniň işgärleri, işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini guramaçylykly geçirmek üçin görülýän taýýarlyk işleri barada, halka sala salmak, halk bilen geňeşmek ýaly ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgämiz hakynda giňişleýin gürrüň etdiler.

Maslahata gatnaşyjylar halk bähbidine gönükdirilýän ajaýyp şertleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza sagbolsunlaryny beýan etdiler!

TSTP