Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Daşoguz welaýat bölüminiň mejlisler jaýynda, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Telekeçilik-döwletiň bazar ykdysadyýetiniň güýjidir» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Ykdysady ösüşiň täze hil derejesini gazanmakda, ýurdumyzyň we onuň sebitleriniň ykdysady kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen çözgütleri gyşarnyksyz we yzygiderli durmuşa geçirmekde, innowasiýalary goldamakda we olary iş ýüzünde durmuşa ornaşdyrmakda hususy işewürlere möhüm orun degişlidir. Watanymyzyň ösüş ýolunda barha ilerlemeginde,dünýäniň ykdysady gatnaşyklar ulgamyna üstünlikli goşulyşmagynda hususy pudagyň wekilleriniň hem uly goşandy bar. Bu gün hususyýetçilerimiz ýurdumyzyň önümçilik-ykdysady kuwwatyny has-da berkitmekde we döwrebaplaşdyrmakda, senagat binýadyny kämilleşdirmekde beýik işleri durmuşa geçirip, deňi-taýy bolmadyk, dünýä nusgalyk üstünlikleri gazanýarlar. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan Türkmenistanyň ykdysady ösüş nusgasy esasynda ykdysadyýeti dolandyrmaga, döwlet eýeçiligindäki emläkleri hususylaşdyrmaga, döwlet-hususy hyzmatdaşlygynyň dürli gurallaryny ornaşdyrmaga esaslanýan bazar özgertmelerini amala aşyrmak üçin amatly gurşaw döredildi diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Maslahatyň dowamynda telekeçilik ulgamynda döredip berýän giň mümkinçilikler üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
TSTP