Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

Ýaş telekeçiler biziň buýsanjymyzdyr

2021-nji ýylyň 11-nji martynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty boýunça bölüminiň hem-de Türkmenistanyň Inžener- tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň gurnamagynda ,,Ýaş telekeçiler biziň buýsanjymyzdyr” atly maslahat duşuşygy geçirildi. Bu maslahat 2020-nji ýylyň 16-njy dekabrynda hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda tehnologik ösüş we bazar gatnaşyklaryna geçilýän häzirki döwürde ýaşlaryň giň toparyny telekeçilik işine çekmekde degişli işleriň alnyp barmalydygy barada beren tabşyryklary ýerine ýetirmegiň çäklerinde geçirildi.

Maslahata ,,Bir dünýä” hojalyk jemgyýetiniň başlygy Ahmetjan Möwlamow gatnaşdy. Ol ýurdumyzda logistika babatynda döwlet syýasaty dogrusynda hem-de öz kärhansynyň alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdi. Maslahatyň ahyrynda sorag-jogaplar alyşyldy.

TSTP