Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKA
    Şu gün...
  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY- HALKYMYZY GALKYNDYRÝAR
    Golaýda...
  • GARAŞSYZLYK GÜNI MILLI BAÝRAMLARYMYZYŇ NAÝBAŞYSYDYR
    Şu gün...
  • HALK MASLAHATY: ÝURDUMYZYŇ DURMUŞ-YKDYSADY, SYÝASY WE MEDENI ÖSÜŞINE GÖNÜKDIRILEN TARYHY WAKALAR
    Şu gün...
  • ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ ÖSÜŞLI ÝOLY BILEN BEÝIK GELJEGE BARÝARYS
    Şu gün...

PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK

Daşoguz şäherindäki «Bagtyýar zaman» medeniýet öýüniň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak ýoly parahatçylyk we ynanyşmak» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Hemişelik Bitarap Watanymyz ähli tarapdan uly ösüşlere, özgerişliklere beslenýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, biziň ähli üstünliklerimiziň binýady ata Watanymyzyň Garaşsyzlygy we baky Bitaraplygydyr. Şonuň üçin hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip şöhratlandyryldy. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilige, özara düşünişmäge esaslanýan daşary syýasy ugrunyň tutuş dünýäde ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr diýip çykyşlarda giňişleýin bellenilip geçildi.

Duşuşygyň dowamynda şeýle asuda, parahat durmuşyň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP