Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

AWAZA FORUMY-HALKARA HYZMATDAŞLYGYŇ MÖHÜM UGRY

Şu gün Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Awaza forumy-halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan halkara ähmiýetli maslahatlaryň, forumlaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Deňiz kenaryndaky «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem ýurdumyzyň diňe bir syýahatçylyk, dynç alyş merkezi bolmak bilen çäklenmän, eýsem-de, bu ýer halkara çäreleriniň hem geçirilýän dost-doganlyk kenaryna öwrüldi. 

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda deňiz-derýa ýollary ulgamynda uly ösüşler gazanyldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen hazaryň kenarynda syýahatçylyk zolagy döredildi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy bu günki gün syýahatçylygyň merjenine öwrüldi. Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzda her ýylyň 12-nji awgustynda Hazar deňziniň güni giňden bellenip geçilýär. Bu bolsa Hazaryň ekologik arassalygyna, onuň biodürlüliginiň goralyp saklanmagyna we deňizdäki tebigy baýlyklaryň aýawly saklanmagyna mümkinçilik döredýär. Ýurdumyzda Hazar deňzini dostluk deňzine öwürmek maksady bilen goňşy döwletler bilen gatnaşyklar hem barha işjeňleşdirilýär. Garaşsyzlyk  ýyllarynda Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň sammitleriniň yzygiderli geçirilmegi deňiz ýakasynda ýerleşýän goňşy ýurtlar bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine ýardam berýär. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Deňze çykalgasy  bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatynyň «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilmegi hem şanly ýylyň taryhy ähmiýetini has-da artdyrar. Duşuşygyň dowamynda bular barada giňişleýin gürrüň edildi. Oňa gatnaşanlar halkymyzyň bagtyýarlygy, ýurdumyzyň gülläp ösmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler. 

TSTP