Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • TARYHY MEJLIS — BEÝIK ÖSÜŞLERIŇ BINÝADY
    Golaýda...
  • HALK MASLAHATY, MILLI AGZYBIRLIK, TELEKEÇILERIŇ ÖSÜŞE GOŞANDY
    Türkmenistanyň...
  • HALK MASLAHATY WE MILLI AGZYBIRLIK

    Arkadag...

  • HALK MASLAHATY: ÖSÜŞLERIŇ HEM-DE ÖZGERIŞLERIŇ KEPILI

    Şu gün...

  • GARAŞSYZLYK TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET SYÝASATYNYŇ BINÝATLAÝYN ESASYDYR

    Daşoguz...

AWAZA FORUMY NETIJELI HYZMATDAŞLYKLARY TÄZE DEREJELERE ÇYKARMAKDA MÖHÜM ÇELGI

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň gurnamagynda «Awaza forumy netijeli hyzmatdaşlyklary täze derejelere çykarmakda möhüm çelgi» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Gel­jek hep­dä­niň il­kin­ji gü­nün­de «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da ba­dal­ga be­ril­jek Bir­le­şen Mil­let­ler Gura­ma­sy­nyň Deň­ze çy­kal­ga­sy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­lar bo­ýun­ça üçünji masla­ha­ty hem mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lar. Ýur­du­myz­da ge­çi­ril­jek hal­ka­ra fo­rum deň­ze çy­kal­gasy bol­ma­dyk ösüp bar­ýan ýurt­la­ryň ulag, yk­dy­sa­dy, energe­ti­ka, eko­lo­gik ugur­lar­da­ky mümkinçilikleri­ni art­dyr­ma­ga, ola­ryň hal­ka­ra söw­da ul­ga­my­na do­ly goşulyş­ma­gy­ny üp­jün et­mä­ge gö­nük­di­ri­len­dir. Hyzmat­daş­ly­gyň tä­ze ugur­la­ry, mö­hüm me­se­le­le­riň çöz­güt­le­ri, gel­jek­de ama­la aşy­ryl­ma­gy me­ýil­leş­di­ril­ýän hal­ka­ra tas­la­ma­lar ara al­nyp mas­la­hat­la­şyljak fo­rum bi­len bi­le­lik­de, «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da dür­li ugur­lar­da­ky gat­na­şyk­la­ry gi­ňelt­mek­de äh­mi­ýet­li bol­jak çä­re­le­riň hem bir­näçe­si ge­çi­ri­ler. Dost-do­gan­ly­gyň deň­zi ha­sap­lanyl­ýan Ha­za­ryň türk­men ke­na­ryn­da gu­ral­jak fo­rum dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, yna­nyş­ma­gyň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­nyň güwä­si­dir.

Pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­magyň da­ba­ra­lan­ýan döw­rün­de bu hal­ka­ra mas­la­ha­tyň bi­ziň ýur­du­myz­da ge­çi­rilme­gi­niň özi Gahryman Arkadagymyzyň pä­him-paý­ha­syn­dan dö­rän aja­ýyp şyg­ry­ň söz­ba­şy­syn­da öz aý­dyň be­ýa­ny­ny tap­ýar: «Türk­me­nis­tan – pa­ra­hat­çy­ly­gyň we yna­nyş­ma­gyň Wa­ta­ny».

TSTP