Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

«AWAZA» — DÜNÝÄNIŇ ÜNS MERKEZINDE

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýynda «Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik  ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty yzygiderli durmuşa geçirýär» atly maslahat geçirildi.

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025-nji ýyl  ýurdumyzyň täze taryhyna baý mazmunly wakalar bilen girdi. Eziz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolanyna 30 ýyl dolýan 2025-nji ýylyň  21-nji martda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamany bir-agyzdan kabul etmek arkaly milletler bileleşiginiň ýurdumyzyň yglan eden hemişelik Bitaraplygyny üçünji gezek ykrar etmegi başymyzy göge ýetiren taryhy wakadyr.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilendigi barada Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Nýu-Ýork şäherinden gelip gowşan hoş habar ähli halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy. 

Ýer togalagynda dünýä ummanyna çykalgasy bolmadyk kyrk dört sany döwlet ýerleşip, olaryň otuz ikisi ösüp barýan döwletler bolup durýar. Merkezi Aziýa sebiti bolsa bütinleý deňze çykalgasy bolmadyk döwletlerden ybarat bolan dünýädäki ýeke-täk sebitdir. Gazagystan bolsa, öz gezeginde, şeýle geografik häsiýetnama eýe bolan, tutýan meýdany boýunça dünýädäki iň uly döwletdir. Şunuň bilen baglylykda, BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça birinji maslahatynyň 2003-nji ýylyň awgust aýynda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilmegi we onda Almaty Jarnamasynyň hem-de hereketleriň Almaty Meýilnamasynyň kabul edilmegi taryhy ähmiýetli waka öwrüldi.

BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça ikinji maslahaty 2014-nji ýylyň noýabr aýynda Awstriýanyň Wena şäherinde geçirildi. Onda 2014 — 2024-nji ýyllar üçin Wena Meýilnamasy kabul edildi. BMG-niň howandarlygynda geçiriljek BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň jemleýji resminamasy hökmünde deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin hereketleriň geljek on ýyl üçin Meýilnamasynyň kabul edilmegine garaşylýar.

Sebit we dünýä döwletleri bilen dostana  gatnaşyklary dabaralandyrmagyň sakasynda duran Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

TSTP