Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň gurnamagynda «Maksatly Türkmen» hojalyk jemgyýetinde «BMG-niň Awaza forumy: hyzmatdaşlyk arkaly ösüşi ilerledýär» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Çykyşlarda: şu ýylyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty dünýäniň iň iri halkara guramalarynyň Türkmenistanyň mümkinçiliklerine berýän ýokary bahasynyň beýany bolar. Şol bir wagtyň özünde bolsa Watanymyzyň halkara giňişligindäki belent abraýynyň nyşanyna öwrüler.
13-nji iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 4 – 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlyk görmäge bagyşlanan maslahatyny geçirmegi hem bu ugurda uly işleriň alnyp barylýandygyny görkezdi. Onda halkara maslahaty we onuň çäklerinde guraljak ugurdaş çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek bilen bagly meselelere seredildi hem-de şu wagta çenli ýerine ýetirilen işlere baha berlip, öňde duran wezipeler kesgitlenildi.
Bäş günläp dowametjek çärelere deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň düzümine girýän 32 döwletiň hem-de BMGniň gyzyklanma bildirýän beýleki agza ýurtlarynyň döwlet hem-de hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň we onuň orunbasarlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Şeýle hembirnäçe halkara, sebit guramalarynyň, kanun çykaryjy edaralaryň, maliýe institutlarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň hem-de hususy pudagyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gelmegi meýilleşdirilýär.
Elbetde, 7 esasy ugry öz içine aljak çäreler halkara giňişliginde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde tanalýan ýurdumyzyňmümkinçiliklerini ýene bir ýola dünýä ýaýar.
Goý, ýurdumyzy beýik ösüşler bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli döwletlitutumlary elmydama rowaç, halkymyz agzybir hem bagtyýar bolsun!
TSTP