Şu gün Daşoguz welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň guramagynda «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahaty – halkara hyzmatdaşlygyň möhüm ugry» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Bitarap Türkmenistan halkara hyzmatdaşlygyny barha berkidýär. Bu babatda Birleşen Milletler Guramasy bilen ýola goýulýan gatnaşyklar aýdyň mysal bolup biler. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen Bitarap Türkmenistan halkara başlangyçlaryň birnäçesini öňe sürýär.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna şan getirjek taryhy wakalaryň biri hem Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatydyr. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda şu ýylyň awgust aýynyň 4-8-i aralygynda geçiriljek halkara forum dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma eýe boldy. Halkara maslahata dünýäniň birnäçe döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Sekretarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Bu bolsa maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitarap Türkmenistan ulag-logistika ugry boýunça üstaşyr geçelgeleriň howpsuz we amatly geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Deňiz üsti bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek Türkmenistanyň geosyýasy taýdan amatly ýerleşen döwlet hökmünde ýükleriň daşalyşynyň amatly ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu bolsa dünýä bileleşigi tarapyndan uly gyzyklanma eýe bolup durýar. Umuman alnanda, taryhy forum täze mümkinçiliklere we dost-doganlyk ýollarynyň has-da giňelmegine şert döreder. Bu bolsa Bitarap Türkmenistanyň Ýer ýüzünde parahatçylygy, ynanyşmagy, dost-doganlygy berkitmekdäki ornuny has-da pugtalandyrar.
Çäräniň dowamynda bular barada bellemek bilen, halklaryň dost-doganlygyny, älemiň parahatlygyny gazanmak ugrunda taryhy ähmiýetli beýik işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny aýtdylar.
TSTP