Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • AWAZA FORUMY – ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞLERIŇ BEÝANY

    Şu gün...

  • HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BADALGASY

    Golaýda...

  • HALK BÄHBITLI MÖHÜM IŞLER

    Şu...

  • DÖWLETLILIGIŇ WE JEBISLIGIŇ NUSGASY

    Şu...

  • TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY - DÖWLETIMIZIŇ ÖSÜŞINIŇ, KUWWATYNYŇ GÖZBAŞY

    Ýakynda...

AWAZA FORUMY: ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ WE DURNUKLY ÖSÜŞIŇ HATYRASYNA HYZMATDAŞLYK

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda  «Awaza forumy: ählumumy abadançylygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk»  atly maslahat geçirildi.

Maslahatda: Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde bolup geçýän taryhy wakalar ata Watanymyzyň ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýandygynyň, dünýä döwletleri we halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde möhüm işleri durmuşa geçirýändiginiň, Ýer ýüzünde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagynda aýratyn işjeňlik görkezýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar. Hemişelik Bitarap döwletimiz sebitde we dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, umumy ykdysady ösüşleri gazanmakda ähli tagallalary edýär. Muny Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde dünýäniň ýurtlary bilen ýola goýlan dostlukly, özara bähbitli hyzmatdaşlyklarymyz aýdyň görkezýär. Ine, şeýle beýik işleriň, taryhy tutumlaryň esasynda hem ajaýyp zamanamyzda şu ýyl Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitarap döwlet diýlip ykrar edilenine 30 ýyl dolýan ýurdumyzyň halkara at-abraýy barha belende göterilýär. Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýene-de sanlyja günden, ýagny Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 4 — 8-nji awgusty aralygynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň we ugurdaş çäreleriň guramaçylykly hem-de ýokary derejede geçirilmegi bilen, bu at-abraýyň has-da belende göteriljekdigini buýsanç bilen aýdyp bileris diýip belläp geçdiler.

Maslahatyň ahyrynda, oňa gatnaşyjylar parahatçylyk hem-de ynanyşmak ýörelgelerine esaslanyp, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri amala aşyrýan Milli Liderimiziň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP