Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BEDEW BATLY ZAMANAMYZDA TELEKEÇILIGE GIŇ ÝOL

    Şu gün...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, HORMATLY PREZIDENTIMIZ ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ GIŇMÖÇBERLI ÖZGERTMELERI ULY ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR

    Türkmenistanyň...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BAŞLANGYJY BILEN TÜRKMENISTAN HALKARA SPORT HYZMATDAŞLYGYNYŇ MERKEZLERINIŇ BIRI HÖKMÜNDE YKRAR EDILDI

    Türkmenistanyň...

  • SPORT- GÜÝÇ, GÖZELLIK, SAGDYNLYK WE BELENT RUH

    Golaýda...

  • TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ, ARKADAGLY GAHRYMAN SERDARYMYZYŇ TAGALLALARY BILEN ÝURDUMYZYŇ HALKARA ABRAÝY BARHA ARTÝAR

    Golaýda...

Zenan terbiýesi mukaddesdir

2021-nji  ýylyň  9-njy  aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň gurnamagynda maşgala mukaddesligi, ojaga wepalylygy, agzybirligi ösdürjek, ylymly-bilimli, giň gözýetimli, ýokary medeniýetli, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan, ýaşlary terbiýelemek maksady bilen Türkmenabat şäherindäki Maliýe ykdysady orta hünär okuw mekdebinde “Zenan terbiýesi mukaddesdir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Wagyz-nesihat çäresinde çykyşy edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz  aladalarynyň  netijesinde gazanylýan ajaýyp üstünlikler ruhubelent ýaşlary täze açyşlara, täze başlangyçlara ruhlandyrýandygyny aýdyp,  Hormatly Prezidentimiziň taýsyz  tagallalary bilen ýurdumyzda ýaş nesil baradaky alada döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenilýär. Ösüp gelýän ýaş nesliň bagtyýarlygy ugrunda dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlary hemme taraplaýyn goldamak we milli ruhda terbiýeläp ýetişdirmek baradaky tagallalary her ädimde aýdyňlygy bilen duýulýar. Döwrüň belentliklerini nazarlap öňe barýan güneşli Diýarymyzda bu ugurda milli Liderimiz tarapyndan ýaşlary ylmy we döredijilik işlerine höweslendirmek, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmak, ýaş telekeçilere goldaw bermek, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak, ýaşlary durmuş taýdan goldamak ýaly işleriň yzygiderli durmuşa geçirilýändigini aýratyn nygtamak gerekdigi agymyzyň jany sag, ömri uzak, tutýan tutumly işleri rowaç alsyn diýip öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Ýurdumyzda raýatlaryň bagtyýar ýaşamagy, döwrebap ýaşlary ýetişdirmek üçin dünýä nusgalyk işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

TSTP