Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Türkmenistanyň...

  • Garaşsyz Diýaryň beýik üstünlikleri we halkymyzyň buýsanjy

    9-njy...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň umumy okuw sapagy - ýaşlaryň ösüşiniň ygtybarly binýady

    Türkmenistanyň...

  • Gahryman Arkadagymyzyň düýbüni tutan milli saglygy goraýyş ulgamy Hormatly Prezidentimiz bilen täze belentliklere göterilýär
    12-nji...

TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIK, HOŞNIÝETLILIK WE YNANYŞMAK TAGLYMLARYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda «Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynanyşmak taglymlaryny dünýä ýaýýar» atly  maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleriň netijesinde ýurdumyzyň sebitlerini toplumlaýyn ösdürmek, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýalaşdyrmak we onuň eksport mümkinçiliklerini giňeltmek, ähli ulgamlara öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, şonuň esasynda dürli senagat, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini artdyrmak, Watanymyzyň ynamly öňe gitmegini üpjün etmek, halkymyzyň rowaçlygyny yzygiderli ýokarlandyrmak boýunça wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Mejlisiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri, şahyrdyr-ýazyjylar çykyş etdiler. 

Parahat, asuda asmanyň astynda ýaşaýan halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak, halk hojalyk toplumyny diwersifikasiýalaşdyrmak, önümçilik, eksport kuwwatyny pugtalandyrmak, maýa goýum işjeňligini we halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň üstünliklere beslenýändigi çykyşlaryň dowamynda aýdylyp geçildi. 

Maslahatda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize sagbolsunlaryny beýan etdiler.

TSTP