Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket etrabynyň Çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda «Telekeçilik: milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde möhüm ugur» atly maslahat duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň tagallalary esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini, Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmaga, dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmäge gönükdirilýän tagallalar rowaçlyklara beslenýär. Bu işlere Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan hususy işewürler hem mynasyp goşant goşýarlar.
Häzirki wagtda ýurdumyzy ösdürmegiň ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady strategiýasy esasynda ähli pudaklarda oňyn makroykdysady görkezijiler gazanylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan azyk we oba hojalyk önümlerini öndürýän telekeçiler milli ykdysadyýetiň agrosenagat pudagyny ösdürip, azyk bolçulygyny artdyrmaga uly goşant goşýarlar. Oba hojalykçy telekeçilerimiz bazarlarymyzy mal, guş etleri, balyk we balyk önümleri, ýumurtga, süýt we süýt önümleri, şöhlat, konditer, çörek we çörek önümleri, agyz suwy, alkogolsyz içgiler hem-de miwe şireleri, ösümlik ýagy, bugdaý, pagta, gök-bakja, azyklyk däneleri, miweler we üzüm, gaplanan önümler, ary baly, nahar duzy bilen doly üpjün edýärler.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda täze üstünlikleri nazarlaýan hususy pudagyň wekilleri şeýle bagtyýar zamanada halal zähmet çekmek, Watanymyzyň ösüşlerinde mynasyp goşant goşmak üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyş aýdýarlar.
TSTP