Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

SPORT WE SAGDYNLYK – BAGTYÝAR DURMUŞA BINÝAT

Bütindünýä welosiped güni Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda partiýanyň mejlisler jaýyndawagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li ge­çi­ril­ýän dür­li sport çä­re­le­ri, we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­niň ro­waç­lan­ýan­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar. Çün­ki sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri köp­çü­lik­le­ýin sport çä­re­le­rin­de giň­den be­ýa­ny­ny tapýar. Yn­ha, 3-nji iýun­da ýur­du­myz­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler il­deş­le­ri­mi­ziň ru­hu­ny be­len­de gö­ter­di. Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz spor­ty we be­den­ter­bi­ýä­ni ös­dür­mä­ge uly üns ber­ýär. Mu­nuň özi ýaş nes­liň sag­dyn ös­me­gi, kä­mil­li­gi üçin örän äh­mi­ýet­li­dir.

We­lo­si­ped sür­mek yn­san sag­ly­gy­na oňat tä­sir ed­ýär. Hut şo­nuň üçin hem we­lo­si­ped sür­mek uzak ýa­şa­ma­gyň sy­ry hök­mün­de gö­rül­ýär. Hä­zir­ki dö­wür­de köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýe-sa­gal­dyş he­re­ke­ti­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­myz­da iri hal­ka­ra ýa­ryş­la­ryň yzy­gi­der­li gu­ral­ma­gy türk­men tür­gen­le­ri­niň dün­ýä sport he­re­ke­tin­dä­ki iş­jeň­li­gi­ni art­dyr­ýar. Sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ne eýer­ýän­le­riň, esa­san, ýaş­lar bol­ma­gy gu­wan­dy­ry­jy­dyr. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­la­ry ne­ti­je­sin­de hal­ky­my­zyň sag­ly­gy­nyň ber­ki­dil­me­gi, ila­tyň, aý­ra­tyn-da, ösüp gel­ýän ýaş nes­liň ara­syn­da köp­çü­lik­le­ýin be­den­ter­bi­ýä­niň wa­gyz edil­me­gi ug­run­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­ler oňyn ne­ti­je­si­ni ber­ýär.

Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de spor­ty ös­dür­mä­ge iň­ňän ýo­ka­ry de­re­je­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Spor­tuň bir gör­nü­şi hem we­los­port bo­lup, ol bag­ty­ýar dur­muş, sag­dyn­lyk bi­len pug­ta bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Şun­da, il­ki bi­len, spor­tuň yn­san üçin nä­de­re­je­de gym­mat­ly­dygy we iş­jeň­li­gi aý­dyň ýü­ze çyk­ýar. Hä­zir­ki dö­wür­de spor­tuň dür­li gör­nüş­le­ri döw­let de­re­je­sin­de ös­dü­ril­ýär. Spor­tuň yn­san sag­ly­gy üçin örän peý­da­ly­dy­gy, sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­si­ni ös­dür­mek­de äh­mi­ýet­li­di­gi aý­ra­tyn bel­len­mä­ge my­na­syp­dyr.

Hä­zir­ki aja­ýyp döw­rü­miz­de sag­dyn dur­muş ýö­rel­ge­le­ri ro­waç­lan­ýar, ýur­du­myz­da sport we be­den­ter­bi­ýe ös­dü­ril­ýär. Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­my­zyň, Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň ta­gal­la­lary bi­len sport ul­ga­myn­da uly üs­tün­lik­le­re ýe­til­ýär, türk­men spor­ty tä­ze ösüş­ler bi­len dün­ýä­de ta­nal­ýar. Biz mu­ňa ýaş­la­ry­my­zyň dür­li hal­ka­ra sport ýa­ryş­la­ryn­da uly üs­tün­lik­le­ri ga­zan­ýan­dyk­la­ryn­dan hem aý­dyň göz ýe­tir­ýä­ris. Ýur­du­myz­da da­ba­ra­ly bel­le­ni­len Bü­tin­dün­ýä we­lo­si­ped gü­ni buý­san­jy­my­za buý­sanç goş­dy. Çün­ki bu aja­ýyp gün­ler­de örän uly äh­mi­ýe­ti bo­lan we­lo­si­ped­li ýö­riş­ler uly ru­hu­be­lent­li­ge bes­len­di.

TSTP