Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • YKDYSADYÝETIŇ ÖSÜŞINDE TELEKEÇILIGIŇ ORNY

    Golaýda T...

  • TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

    Şu gün...

  • BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN – BAGTYÝAR ÇAGALYGYŇ MEKANY

    Şu gan...

  • HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ DAŞARY SYÝASATY – PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ AÝDYŇ ÝOLY

    Türkmenistanyň...

Watanyň geljegi ýaşlar

          2021-nji ýylyň 20-nji aprelinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň mejlisler jaýynda  “Watanyň geljegi ýaşlar” atly maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň partiýa guramaçysy B.Piriýew çykyş edip, Milli Liderimiziň amala aşyrýan sagdyn-durmuş ýörelgesi hem-de onuň ähmiýeti barada giňişleýin wagyz etdi. Şeýle-de telekeçileriň iş ýerinde önümçilik maşklaryny ýerine ýetirmekleri, olaryň iş ukybynyň has-da artmagyna öňyn täsir edýändigini aýratyn belledi. “Türk­me­nis­tan — pa­ra­hat­çy­ly­gyň we ynanyş­ma­gyň Wa­ta­ny” ýylynda, berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan halkymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly-uly sepgitlere ýetýändigini, Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuşynyň, abadançylygynyň hemme tarapdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr diýip belledi. 

       Şeýle-de maslahatda Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň harby gullukçysy maýor Ş.Garlyýew,  Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň önümçilik tejribelikleriniň ýolbaşçysy D.Alowow, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň telekeçiler mekdebi jemgyýetçilik birleşigi kärhanasynyň Daşoguz welaýaty boýunça bölüminiň müdiri J.Baýramow, Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby A.Annaweliýewa, “Ynsan kalby” hususy kärhanasynyň baş buhgalteri G.Geldiýewadagylar çykyş etdiler. Olar hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary netijesinde ýurdumyzda halkymyzyň saglygyny gorap saklamak, gönüden-göni döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi barada aýdyp, hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary netijesinde sagdyn durmuş ýörelgeleri durmuşymyza ykjam ornaşandygyny, häzirki wagtda sporty we bedenterbiýani ösdürmek babatda tagallalar iş ýüzinde giňden durmuşa ornaşandygyny we hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan Watanymyzda sagdyn durmuş ýörelgelerini gündelik hemrasyna öwüren ruhubelent, sagdyn nesil kemala getirmek baradaky aladalary ýurdumyzyň geljekki ösüşlerini nazarlaýandygyny bellediler. 

          Maslahata gatnaşyjylar sagdyn nesli kemala getirip ýetişdirmekde edýän bimöçber tagallalary üçin Arkadag Prezidentimize uzak ömür, jan saglyk, işlerinde rowaçlyk arzuw etdiler!

TSTP