Ýakynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň 55-nji orta mekdebi bilen bilelikde guramagynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli «Ekologiýa abadançylygy-geljegiň rowaçlygy» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda diňe bir ýurt, sebit däl, eýsem, dünýä ähmiýetli başlangyçlary, teklipleri öňe sürýän, olaryň doly möçberlerde amala aşyrylmagyna möhüm goşant goşýan döwletleriň hatarynda durýar. Eziz Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tebigatymyzy has-da gözelleşdirmek daşky gurşawy gorap saklamakda esasy orunlaryň birini eýeleýär. Gahryman Arkadagymyzyň dana paýhasyndan gözbaş alan beýik başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň her bir işi hemişe alys geljegi nazarlaýar. Şonuň netijesinde täze taryhy eýýamymyzda daşky gurşawymyzy gorap saklamak, tebigatymyzyň baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak, ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär diýip giňişleýin belläp geçdiler.
Duşuşygyň dowamynda Garaşsyz ýurdumyzda halkymyzyň arassa, asuda durmuşda ýaşamagyna, ilatyň durmuş-ykdysady ýagdaýynyň barha ýokarlanmagyna, şeýle-de dünýä we sebitleýin derejede suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, ekologiýa ýagdaýynyň gowulandyrylmagyna gönükdirilýän işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.
TSTP