Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • BITARAPLYK - PARAHATÇYLYGY DÜNÝÄ ÝAÝÝAR

    Şu...

  • BITARAP TÜRKMENISTAN – DÖWLETLERIŇ YLALAŞDYRYJY MERKEZI

    Türkmenistanyň...

  • WAGYZ – NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

    «Nur...

  • PARAHATÇYLYK ÖSÜŞ ÝOLUNDA YNAMLY GADAMLAR

    Ýakynda...

  • HALKARA PARAHATÇYLYK – ASUDALYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

TÜRKMEN BITARAPLYGY: PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLILIK, DOST-DOGANLYK

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komiteti hem-de Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Gaýrat geňeşliginiň oba medeniýet öýi tarapyndan Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen «Türkmen Bitaraplygy: parahatçylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. 

Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk syýasaty Ýer ýüzünde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmekde we ynanyşmagy berkitmekde jebisleşdiriji, ylalaşdyryjy güýje öwrülýär. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň täze taryhy döwürde üstünlikli dowam etdirýän daşary syýasaty uly ähmiýete eýedir. Dünýäde baky Bitaraplyk hukuk derejesi Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilen ilkinji döwlet hökmünde, Garaşsyz Türkmenistanyň hoşniýetli hyzmatdaşlyga we ynanyşmaga ygrarlylygy dost-doganlyk döwletler bilen ikitaraplaýyn we halkara guramalaryň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklarynda aýdyň şöhlelenýär. Berkarar döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilmegi we bu babatda ýeke-täk döwlet bolmagy hem ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik taglymatynyň we bu ugurdaky başlangyçlarynyň bütin dünýäde uly ähmiýete eýedigini alamatlandyrýar. 

Duşuşygyň dowamynda dünýäde parahatçylygy, abadançylygy üpjün etmek babatda ägirt uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýtdylar.

TSTP