Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BITARAPLYK - BEÝIK BAŞLANGYÇLARA BADALGA

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komiteti tarapyndan Bereket tikin fabriginiň mejlisler jaýynda «Bitaraplyk-beýik başlangyçlara badalga» atly wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.

Bitaraplyk, berkararlyk we bagtyýarlyk ýaşaýşyň adamzada eçilen iň uly serpaýlarydyr. Ynsanyň parahat ýaşaýşy, jemgyýetiň we döwletiň ösüşi şu gymmatly düşünjeleriň esasynda amal bolýar. Türkmen Bitaraplygy halkymyzyň ynsanperwerliginiň we parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň dünýä ykrar bolan nusgasydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» atly kitabynda: «Türkmen halky üçin Bitaraplyk parahat ýaşaýyşdan, erkin zähmetden, sagdyn gurşawdan ybarat bolan we adama söýgi döredýän ähli ýörelgeleri rowaçlandyrýan gymmatlyk» diýip, jaýdar belläp geçýär.

Şol paýhasly çykyşlardan görnüşi ýaly, Bitaraplyk adama we onuň ýaşaýşyna hormat goýmak ýörelgesini wagyz edýän gymmatlykdyr, adamyň zähmet çekmegi we maksadyna ýetmegi üçin döredilen mümkinçilikdir, ilatyň asuda ýaşaýşyny, abadan geljegini kepillendirýän taglymatdyr.

Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasynda durýan, türkmen jemgyýetini we döwletini birleşdiriji, jebisleşdiriji guraldyr, halkara tagallalary utgaşdyrmaga gönükdirilen güýçdür. Ol dünýäniň ähli ýurtlary, halklary we halkara guramalar bilen döwrebap gatnaşyklary alyp barmaga esas bolýan syýasy ýörelgedir.

Adalatlylygy, ynsanperwerligi we dost-doganlygy mizemez durmuş ýörelgesine öwrüp, döwletimizi we halkymyzy ösüşli menzillere ynamly alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

TSTP