Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE DURNUKLYLYK – BITARAPLYGYŇ BAŞ ÝÖRELGESI

    Golaýda...

  • WATANYMYZYŇ PARAHATÇYLYK DÖREDIJILIK KUWWATY ARTÝAR

    Şu gün...

  • TÜRKMENISTAN PARAHATÇYLYK SÖÝÜJILIGIŇ WE DOST-DOGANLYGYŇ MEKANY

    Arkadag...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – MÜDIMI ABADANÇYLYK

    Şu gün...

  • DOST-DOGANLYK - PARAHATÇYLYGYŇ WE GÜLLÄP ÖSÜŞIŇ NUSGALYK ÝOLY

    Şu gün...

BITARAP WATANYM-TOÝLY MEKAN

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bilelikde gurnamagynda Aşgabat şäheriniň güni şeýle-de Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabaraly çäre geçirildi. 

     Aýdym-sazly çärä Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary gatnaşdylar. Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Ak mermerli paýtagtymyzyň  Aziýanyň merjen şäheri, gözel  Aşgabat şäherimiziň gysga wagtyň içinde gazanan üstünlikleri şeýlede şäherimiziň durkunyň hasda gözelleşendigi barada giňişleýin gürrüň berdiler. 2013-nji ýylyň maý aýynda paýtagtymyz Ak mermerli binalaryň iň köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň bütindünýa rekordlar kitabyna girizilmegi hem paýtagtymyzyň dünýädäki iň gözel şäherleriniň biridigini buýsanç bilen bellemek bolar.

      Şeýlede maslahatda çykyş edenler Türkmen halysynyň baýramy barada öz çykyşlarynda bellediler. Halyçylyk sungaty türkmen halkynyň göz guwanjy, el hünäri, başarnyklygy hökmünde irki döwürlerden gelýän halk döredijiliginiň iň gymmatly ýadygärligi hökmünde XIX asyrda hem rowaçlanypdyr. «El hü­nä­ri il ge­zer» diý­li­şi ýa­ly, asyr­lar­dan-asyr­la­ra aşyp, hä­zir­ki bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­myz­da ge­lin-gyz­la­ry­myz ta­ra­pyn­dan sün­nä­le­nip do­kal­ýan in­çe sun­ga­ty­myz öz ne­pis­li­gi, mi­ze­mez owa­dan öwüş­gin­li­li­gi bi­len ta­pa­wut­la­nyp, on­da ata-ba­ba­la­ry­my­zyň ta­ry­hy we me­de­ni­ýe­ti ba­ra­da syr­ly, gym­mat­ly mag­lu­mat­lar jem­len­ýär.Türk­me­niň ha­ly sun­ga­tyn­da şan­ly geç­mi­şi­miz, şu gü­nü­miz hem gel­je­gi­miz wasp edil­ýär. Bu gün­ki gün­de Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz türk­men ha­ly­sy­nyň şan-şöh­ra­ty­nyň art­ma­gy­na uly üns ber­ýärler.

      Çärä gatnaşyjylar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de okgunly ösdürmek ugrynda alyp barýan, türkmen halkynyň hak howandarlary Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

TSTP