Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

  • PARAHATÇYLYK WE YNANYŞMAK TAGLYMATLARY DURMUŞA GEÇIRILÝÄR

    Şu gün...

  • BITARAPLYK SYÝASATY WE ONUŇ DÜNÝÄ ÝURTLARYNYŇ ARASYNDA NUSGALYK ÝOLY

    Ýakynda...

  • HEMIŞELIK BITARAPLYK – HOŞNIÝETLI GATNAŞYKLARYŇ BINÝADY

    Golaýda...

  • MASLAHAT GEÇIRILDI

    Şu...

  • TELEKEÇILER ÝURDUMYZYŇ ALTYN GAZNASYDYR

    Şu gün...

TÜRKMEN HALYSY – NEPISLIGIŇ WE AGZYBIRLIGIŇ SUNGATY

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli medeni mirasymyzy agzalarymyzyň arasynda wagyz etmek maksady bilen «Türkmen halysy – nepisligiň we agzybirligiň sungaty» atly maslahat duşuşygy geçirildi. Dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan türkmen halky özüniň müňýyllyklara uzaýan taryhy geçmişinde dünýä genji-hazynasyna öwrülen medeni we sungat eseriniň ýüzlerçesini döretdi. Ajaýyp medeni gymmatlyklarymyzyň biri hem gözbaşyny adamzat taryhynyň iňňän gadymy döwürlerinden alyp gaýdýan haly sungatydyr. Türkmen halylarynyň gözelligi bu gün – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ynsan ruhuny ganatlandyrýar, baý öwüşginli reňkleri, nagyşlary jana rahat beriji saz bolup ýaňlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň milli buýsanjy bolan inçeden nepis haly sungatyna aýratyn üns berilýär, haly sungatyny ösdürmek babatda ägirt uly işler amala aşyrylýar, milletimiziň ruhy hem-de maddy medeniýetiniň gadymy däplerini özünde jemleýän haly sungaty täzeden dikeldilýär. Ene-mamalarymyzyň yhalsyndan döräp, sungat derejesinde biziň günlerimize çenli ýetip gelen gadymy halylarymyz häzirki ajaýyp zamanada nesillerimiz üçin elýetmez taryhy gymmatlyk, halyçylyk sungatynyň bolsa esasy binýady bolup durýar. Türkmen halysy merdana halkymyzyň ruhunyň hem-de maddy durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Pursatdan peýdalanyp her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde ýokary derejede bellenilip geçilýän Türkmen halysynyň baýramy bilen tüýs ýüregimizden mähriban halkymyzy, Gahryman Arkadagymyzy Arkadagly Gahryman Serdarymyzy gutlaýarys. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris.

TSTP