Türkmenistanyň Senagatçylar we Telekeçiler Partiýasy

Soňky çäreler

BERKARAR DÖWLETIM, BUÝSANÇLY PARLAÝAR, ÝAŞYL BAÝDAGYM

Şu gün Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Balkan welaýatynyň Bereket etrap komitetiniň gurnamagynda Bereket çeper halyçylyk kärhanasynyň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkarar döwletim, buýsançly parlaýar, ýaşyl baýdagym» atly maslahat duşuşygy geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde Türkmenistan bütindünýäde ähli taraplaýyn ösen döwlet hökmünde ykrar edilýär. Ýetilýän belent sepgitleriň özenini esasy Kanunymyza laýyklykda durmuşa ornaşdyrylýan maksatnamalaýyn işler düzýär. Bu bolsa milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň, ýurdumyzyň halkara abraýynyň doly ykrar edilmegine, ýaşyl tugumyzyň belentde parlamagyna ýardam berýär. Munuň özi esasy Kanunymyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gününde - baýramçylyk dabaralarynda üstünlikli şöhlelendirilýär we özüniň ajaýyp beýanyny tapýar.

Bu gün Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny alamatlandyrýan nyşanlarymyzyň — Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni. Şeýle günde şöhratly halkymyzyň özbaşdak ösüş ýoluna bolan hukugynyň alamaty bolan goşa mukaddesligimiziň baýramy ýurdumyzyň ähli künjeklerinde uludan toýlanýar. Bu goşa toý mynasybetli Diýarymyzda ýokary baýramçylyk ruhunda dabaralar geçirilip, milli gymmatlyklarymyzyň we ýurdumyzyň bedew batly ösüşleriniň waspy ýetirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy merdana türkmen halkymyzy Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. 

Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun! Il-ýurt bähbitli umumyadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri rowana ýollarda rowaç alsyn!

TSTP